
Bedeniň gowşamagy, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, asgyrma, üsgürme, burundan suw akma, gözleriň gijemegi, ýaşarmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp başlaýan ýiti respirator ýokanç kesellerini wiruslar döredýär. Ol howa-damja ýollary hem-de gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, süpürgijiň, ýorgan-düşegiň, çaga oýunjaklarynyň üsti bilen geçip biler. Ýiti respirator ýokanç keselleri çalt ýaýraýan we az wagtyň dowamynda birnäçe adama ýokuşyp bilýän keseldir. Onuň bilen kesellän adamyň ilkinji hepdede keseli ýaýratmak we ýokuşdyrmak howpy has güýçli bolýar.
Keseliň bu görnüşi bilen, esasan, çagalar, gartaşan we bedeni gowşak adamlar keselleýärler. Çagalaryň bedeniniň sagdyn bolmagy, ösmegi we kesellerden goranyjylyk güýjüniň artmagy üçin olara witaminlere baý bolan gök önümleri, ir-iýmişleri bermelidir. Şeýle edilmegi çagalarda kesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar we keseliň ýeňil geçmegine öz ýardamyny ýetirýär.
Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanyndan başlap, näsag daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we bejergi almak üçin öýde bolmalydyr we lukmana ýüz tutmalydyr. Diňe lukman tarapyndan keseliň kesgidi anyklanyp hem-de bejergisi bellenilip bilner. Degişli derman serişdeleri, olary içmegiň wagty we möçberi lukman tarapyndan kesgitlenilýär.
Näsag aýratyn otagda ýerleşdirilip, onuň elýaglygy, süpürgiji wagtynda ýuwlup, ütüklenmelidir, ulanýan gap-gaçlary aýratyn bolmalydyr. Olar arassa saklanylyp, yzygiderli gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Otag wagtal-wagtal ýelejiredilmelidir we zyýansyzlandyryş serişdeleri rejeli we ýerlikli ulanylmalydyr. Näsaga ideg edýän adam lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmalydyr.
Ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekligiň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygyň, wagtly-wagtynda ukyňy almaklygyň, dogry iýmitlenmekligiň ähmiýeti örän uludyr.
Daşardan gyzyp gelip, howa sowadyjynyň öňünde durmak ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa howadan dem almak, açyk howada gezelenç etmek bedene ýakymly täsirini ýetirýär, şonda adamyň jany sag, şähdi açyk, ruhy belent bolýar. Ýöne gezelenç edilende, pasla görä geýinmeklige aýratyn ähmiýet bermelidir.
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk. Öz saglygymyzy goramak bolsa biziň öz elimizdedir.
Artur BABAKULYÝEW,
Darganata etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminiň lukmany, wagyz-nesihat bölüminiň başlygy.