Soňky döwürde dörän koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Beýik Britaniýanyň tanymal restorany hyzmat ediş ulgamynda robotlary işe girizipdir, ýagny robotlar müşderilere tagamlary eltip berýär. Bu restoranyň eýesi bu meselä tehnologik taýdan çemeleşipdir.
Bu restoranyň ady Robotazia. Ady hem robotlar bilen baglanyşykly bolan bu restoran awgustda açylypdyr. Bu restoranyň müşderileri juda köp bolup, robotlardan daşgary adam zähmetinden hem peýdalanylýar. Restoranyň eýesi geljekde ýene bir restoran açyp, diňe robotlaryň hyzmat etmegini üpjün etmegi maksat edinýär.