Slider

Magtymgulynyň şygyr setirleri bilen geodeziýanyň arabaglanyşygy

07-06-2024 / 19

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan çuňňur söýgüni we wepalylygy terbiýelemek, milli mirasymyza sarpa goýmak, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günleri her ýyl uly dabara bilen bellenilýär.

Ýaşlary terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti örän uludyr. Geodeziýa we Topografiýanyň esaslaryny öwrenmek dersleri boýunça öz okadýan  sapaklarymda beýik şahyryň goşgulary we oňa degişli maglumatlary talyp ýaşlara ýetirýärin.

Ýeriň görnüşi we ölçegleri“ diýen temany geçende şahyryň ”Köňül joşundadyr” diýen goşgusynyň şu setirlerinde:

Üç essesi däli derýa
Bir esse ýerde müň gowga,
Kim biler bu köne dünýä,
Ýa, Rep, niçe ýaşyndadyr?!

— diýmek bilen, şahyr ýeriň üstüniň meýdany 510 mln km2 deň bolup, onuň 29% ýa-da 149 mln km2 meýdany gury ýerler, 71% ýa-da 361 mln km2 okeýanlar, deňizler, derýalar we köller tutýandygyny ussatlyk bilen aýdyp geçendigini  düşündirýärin we şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşaýan, okap bilim alýan  ýaşlara gowy okamak, halkyňy, watanyňy janyň-teniň bilen söýmek, oňa ak  ýürekden hyzmat etmek barada aýdyp geçýärin.

Magtymguly Pyragy üçin hem öz ýurdundan, öz ilinden eziz ýurt bolmandyr. Şahyr il-ýurduny tüýs ýürekden söýüp, oňa hemişe wepaly bolmagy ündeýär.

Gel köňlüm men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.

– diýmek bilen döwründe dagynyk ýaşaýan halkyň çekýän agyr ýagdaýynyň, horlugynyň düýp sebäbiniň agzalalykdadygyny düşündirýär. Bu barada akyldar “Türkmeniň” diýen goşgusynda şeýle diýýär.

Köňüller ýürekler  bir  bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

– diýmek bilen, birlige, birleşmäge, jebislige çagyrypdyr.

Öz halkyny isleg arzuwy bilen ýaşan we döreden beýik akyldar Magtymguly Pyragy watançykyk, agzybirlik, dostluk, zähmetsöýerlik, adamkärçilik ajaýyp-nepis  gözellikleri adamlarda terbiýelemäge özüniň bütin ömrüni bagyş edipdir.  Hut şonuň üçin biz şu gün onuň eserlerini okap özümizde ajaýyp häsiýetleri jemleýäris we onuň arzuw eden zamanasynda ýaşaýarys.

Aýna GURBANGELDIÝEWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu