Slider

Medeni ojaklaryň mekany

07-06-2024 / 21

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ilkinji gezek bellenilmegi baradaky hoş habar medeniýet işgärleri hökmünde biziň buýsançly kalplarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň işlemekleri üçin zamanabap mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ajaýyp medeni maksatly desgalaryň «akylly» şäherde gurulmagy bolsa, bütin halkymyzy begendirdi. Olardan Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryny, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkini, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyny, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini agzamak bolar.

Milli we dünýä medeniýetiniň bir ülşi hökmünde kemala gelen Arkadag şäheri milli söz, aýdym-saz, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik sungatlarymyzyň döredijilik güýjüne badalga boldy. Açylanyna köp wagt geçmedik bolsa-da, şahyrdyr ýazyjylarymyz, heýkeltaraşlarymyz, nakgaşlarymyz, mukamçy kompozitorlarymyz Arkadag şäherimize bolan buýsanjyndan, guwanjyndan ylhamlanyp, sungat eserleriniň talapkär muşdaklarynyň estetik duýgularyny baýlaşdyrýan, heýjana salýan eserlerini döretdi.

Medeniýet hepdeliginiň gözelligi bilen dillere dessan bolan Arkadag şäherinde geçirilmegi, şäheriň 1 ýaşynyň we şygryýet güni bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat gelmegi onuň has-da ähmiýetini artdyrýar. Şeýle möhüm medeni çäräni özünde geçirjek Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi hem hepdeligi many-mazmunly geçirmäge doly taýýar. Çünki müdirligiň agzybir işgärleri Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýärler.

Parahat ALLABERDIÝEWA,
Köýtendag etrabynyñ Dostluk şäher kitaphanasynyñ kitaphanaçysy, TDP-niň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu