
Mälim bolşy ýaly, 31-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk bolçulygyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan gallaçy daýhanlarymyzyň tutuş ýylyň dowamynda çeken asylly zähmetleriniň miwesi bolan galla oragyna Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda başlanmagyna ak pata berdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyz ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
Şoňa görä-de, şu ýylyň galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ak bugdaýyň gadymy mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda zähmetsöýer ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen il baýlygyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, oragy guramaçylykly geçirmek şu günüň wajyp we möhüm wezipesidir.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.