Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.
Dabarada harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli ýokary okuw mekdebini tamamlaýan harby uçurymlara ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watana, halka we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.
Şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Balkan welaýatynda geçirilen dabarada harby uçurymlar ilkinji serkerdelik harby adyna mynasyp bolup, ýurt parahatçylygyny, asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.