Slider

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir

06-06-2024 / 12

Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu şygar akyldar şahyrymyzyň bütin dünýäde şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan buýsandyryjy işleriň giň gerim bilen dowam etdirilýändigini aňladýar.

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen,  halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.

Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr.

Ogulnabat ÝOLDAŞOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu