
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip bellemegi, «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynydyr edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleri buýsandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda depginli ösýän döwletimiziň 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlanmagyny, şeýle hem onlarça halkara resminamalaryň kabul edilmegini, milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň has-da artandygyny hem-de içeri we daşary syýasaty bilen bagly kabul edilen möhüm çözgütleri belledi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleri bilen, ýurdumyzyň her geçen ýylda şöhratly taryh ýazýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňdebaryjy täze tehnologiýalar ulanmak arkaly, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dürli mazmunly çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nazarda tutup, geljekde bu şäheriň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Şeýle hem Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň we Arkadag şäheriniň häkimliklerine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini hem-de olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Aýbölek AŞYROWA,
Daşoguz şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.