
Halkymyzyň müňýyllyklar içre kämilleşip gelen ahlak-edep medeniýetini özüniň pähim-parasat dünýäsine siňdirip, onuň mazmunyna çuňňur pelsepe we ruhubelentlik çaýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijililigi ýaş nesli atalarymyzyň ruhuna ygrarly edip terbiýelemekde iňňän gymmatly hazynadyr.
Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly dana setirleri asyrlar içre öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda milli ahlak terbiýeçilik mekdebi köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeleriň asylly maşgala däpleri, urp-adatlary bilen utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda körpeleriň arasynda geçirilýän çeper okaýyş bäsleşikleriniň ähmiýeti örän uludyr.
Ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň şygryndan ugur alnyp buýsançly şygara eýe bolmagy bu ugurda alnyp barylýan terbiýeçilik ugurly işleri has-da işjeňleşdirmäge, onuň mazmuny arkaly nesillerde döwletli döwre, milletiň akyldaryna hormat duýgusyny ebedileşdirmekde baý mazmunly mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara gatnaşylýar. Munuň özi nesil terbiýesi we sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir.
Enejan TUWAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.