Slider

Sagdynlyk we bagtyýarlyk

02-06-2024 / 10

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmekde uly tagallalar edilýär.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen  3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdir. Bitarap döwletimiz BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyz häzirki döwürde kabul edilen kararnamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welosipediň dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýandygyny, beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmagyň hem aňsatdygyny, welosiped sportunyň bolsa, sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşidigini, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn belledi.

Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan hukugy milli saglyk kanunçylygynda anyklaşdyrylyp beýan edilendir. Bu hukuklaryň üpjün edilmegi üçin maddy-enjamlaýyn binýat dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň, täze saglygy goraýyş merkezleriniň, maglumat, aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hasabyna pugtalandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, milli saglyk ulgamynyň döwrebap enjamlarynyň esasynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny ornaşdyryp, sanly tehnologiýalary peýdalanmaga giň mümkinçilikleriň bardygyny hem bellemek bolar.

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Gadam ATAMYRADOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu