
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän şol çäreler suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmek, akabalaryň daş-töweregini arassa saklamak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we saglyk hakynda wagyz-nesihat etmekligi öz içine alýar.
Bilşimiz ýaly, arassaçylyk saglygyň girewidir. Her bir adam şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmelidir. Fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin arassaçylyk örän zerurdyr.
Ilki bilen, arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini unutmaly däl! Keseller, köplenç, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit önümlerinden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiz kadaly iýmitlenmelidiris, zähmet we dynç alşy sazlaşykly gurap, yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyrys.
Şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek bilen birlikde öý we iş otaglarynyň howasyny çalşyp, ýelejiredip durmaly, olarda çygly tämizleýiş işlerini yzygiderli geçirmeli. Witaminlere, mikroelementlere baý gök önümleri hem-de ter we kakadylan miweleri iýmek bolsa esasy talaplaryň biridir.
Keselleriň öňüni almak we saglygy gorap saklamak öz elimizdedir!
Röwşen SAHATOW,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesiniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.