Slider

Hukuk medeniýetli kämil ýaşlar

06-06-2024 / 10

Täze taryhy döwrümizde jemgyýetimizde möhüm orun tutýan ýaşlaryň öňünde belent maksatlar goýuldy. Şunda olaryň milli kanunçylyk ulgamynda amala aşyrylýan işleriň durmuşa geçirilmegine, hukuk medeniýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaklaryna giň ýol açylýar. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň ähmiýetini we derejesini açyp görkezmekde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan hukuk döwletidir. Bu bolsa biziň döwletimizde kanunyň hökmürowanlygynyň bellenendigini, halkyň erk-islegi göz öňünde tutulyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilýändigini görkezýär.  Kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň  bagtyýarlygy,  kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly  däpleri esasynda terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi häzirki  döwrüň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ata Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişi, oňa ýaşlaryň gatnaşygy bilen baglanyşykly maglumatlar metbugat neşirlerinde çap edilýän makalalarda, tele we radio gepleşiklerde, internet habarlarynda öz kämil beýanyny tapýar.

Kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şeýle hem kanunlaryň taslamalaryna garalanda ýaşlaryň hem gatnaşmagy biziň ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän uly ynamdan, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr. Ýaşlary goldamak, olary döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Hut geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaş parlamentariler topary döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamynda ornuny ýokarlandyrmakda netijeli işler alnyp barylýar.

Altyn HOJAÝEWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu