
Mähirli hem mylaýym,
Sözlän sözleriň, Eje.
Nurlandyrýar kalbymy,
Güler ýüzleriň, Eje.
Mähriniň ýokdur çägi,
Ýok ölçenýän ölçegi.
Ýaza meňzeş ýüregi,
Dünýäniň görki, Eje.
Ulaltdyň başymy sypap,
Eliň aýasynda saklap,
Ýaman gözlerden gorap,
Aýap sakladyň, Eje.
Başymyzyň täji siz,
Gözlerimiziň göreji.
Dileýän uzak ýaşy
Mähribanym jan Eje.
Azada REJEPOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak hünäriniň 2-nji ýyl talyby.