
Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçildi. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýeti örboýuna galdy, olary çözmezden jemgyýetiň durnukly ösmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna Türkmenistan wajyp ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly saldamly goşant goşýar.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ekologiýa babatdaky halkara kadalary we bu ugurda kabul edilen konwensiýalaryň talaplaryny milli kanunçylygyna berk ornaşdyrdy. Hukuk ulgamyny ösdürmegiň we onuň kämil giňişligini döretmegiň esasy bolan Konstitusiýa laýyklykda, tebigatdan peýdalanyjylaryň gatnaşygyny düzgünleşdirýän hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün edýän ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwrüň talabyna görä, täze kanunlary işläp taýýarlamak işleri hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmeginiňem çuňňur manysy bar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen bu möhüm Kararnamanyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, onuň Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendigindedir. Bu Kararnamany diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzakdaky ýurtlar hem goldadylar. Munuň özi Aral deňzi meselesi boýunça ählumumy derejede alada edilýändiginden, bilelikde irginsiz tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär.
Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny, soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan möhüm senagat desgalarynyň ençemesine ekologiýa ugurly halkara güwänamalaryň ençemesiniň gowşurylandygyny ýatlamak bilen, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ähli pudaklaryň ösüşi bilen sazlaşykly utgaşyp, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmaga gönükdirilendigini nygtap bileris.
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň yzygiderli azaldylmagy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamagy ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda Dubaý şäherinde geçirilen COP28 maslahatynyň sammitinde bolsa Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.
Myrat GARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.