Şu ýyl ylmy işler boýunça bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; «Innowasion ykdysadyýet»; «Ynsanperwer ylymlar» ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Oňa möhüm ugurlar boýunça diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işlerini saýlady. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.