HabarlarSlider

Halkara ylmy maslahat geçirildi

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat

13-06-2024 / 80

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow, Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, habarçy agzasy Kanatbek Abdrahmatow, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Wasiliý Gurskiý, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Gaýrat Bahadirow, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Lýazzat Ýeraliýewa we beýleki alymlar çykyş etdiler. Olar öz wekilçilik edýän ylmy merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.

Umumy pikire görä, hut binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär.

Bu gün ylmy maslahat ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek ýedi sany bölümçäniň çäginde öz işini dowam edýär. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu