Slider

Donorlyk — belent ynsanperwerlik

04-06-2024 / 7

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar.

Döwletimizde gan donorlary uly jogapkärçilik bilen saýlanyp alynýar. Ilkinji nobatda, merkeziň kliniki anyklaýyş bölüminde tabşyrylýan gan giňişleýin barlanylýar, onuň düzümi täzeden işlenilýär.

Asuda ýaşaýşyň hemde ynsan saglygynyň hatyrasyna gan tabşyrmak belent ynsanperwerlikden nyşandyr. Bu asylly işe dünýä möçberinde uly üns berilýär. Munuň şeýledigini her ýylyň 14nji iýunynda Bütindünýä donorlar gününiň bellenip geçilmegi hem doly tassyklaýar. Meýletin gan tabşyrmak ýaly asylly işlere biziň döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Şeýle bolansoň, bu ugur boýunça welaýatlarda, aýryaýry etrap merkezlerinde degişli edaralar, gan banklary hereket edýär. Olaryň öňünde bejerişöňüni alyş edaralaryny gan we ganyň düzüm bölekleri bilen bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar.

Gan tabşyrylmagy adamyň bütin bedenini täzeleýär. Donorlyk gan berýäniň saglygy üçin peýdaly. Alymlaryň maglumatlaryna görä, gan tabşyrýan adamlarda infarkt howpy onlarça esse az bolýar. Ganyň yzygiderli tabşyrylmagy holesteriniň pes derejesini saklaýar. BSGGniň maglumatlaryna görä, hemişe gan tabşyrýan donorlar, beýleki adamlara garanyňda, ortaça 5 ýyl köp ýaşaýar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 156njy maddasyna laýyklykda, donor gan tabşyrýan wagty işden boşadylýar, ortaça iş haky saklanyp, bir gün dynç berilýär.

Sünettylla SOLTANOW,
Darganata etrap hassahanasynyň onkolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu