Slider

Gün urmasyndan goranyň!

02-06-2024 / 5090

Howanyň aşa gyzyp başlamagy bilen, Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Çünki dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Şu jähetden, mundan beýläk daşaryk çykylanda, möwsüme görä, ak ýa-da açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýinmegi, kellä başgap geýmegi, ýaglyk daňynmagy, saýawan götermegi, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almagy unutmaly däl.

Gün şöhlesiniň, arassa howadyr suwuň adam saglygy üçin örän peýdalydygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň immun (gorag) ulgamyny berkidýär. Ultramelewşe şöhleler öýjüklerde diş we süňkler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesiniň ýeterlik mukdarda kabul edilmezligi, adamda keýpsizligiň, uky bozulmasynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne yssy günlerde Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Hususan-da, yssy howaly günlerde Gün urmakdan ägä bolmaly.

Gün urmasy ýüze çykanda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kelle agyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, huşuňy ýitirmek, gulak şaňlamasy, ýüregiň çalt urmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, adamyň saglyk ýagdaýy has-da agyrlaşyp, gaýra üzülmelere getirýär. Gün urmanyň ýeňil derejesini geçirýän adama kömek etmek her birimiziň elimizden geljek işdir. Bu ýagdaýdaky adamda suwsamak, ysgynsyzlyk, uka meýillilik, kelle agyry, baş aýlanma, ýürek bulanma alamatlary döreýär. Şu haldaky adamy kölegä ýa-da salkyn jaýa eltmeli, ýüzüni ýelpemeli, ýüz-gözüne we kellesine suw sepmeli. Mineral suw, çaý içirmeli. Gün urmanyň agyr ýagdaýyna duçar bolan adama bolsa, hökman lukmanyň kömegi gerekdir.

Gün urmadan goranmak üçin bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak esasy zerurlyklaryň biri bolup durýar. Howanyň aşa gyzmagy bilen, organizmiň suwuklyk derejesi derlemek arkaly köp mukdarda bölünip çykýar we degişli deňagramlylyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy mümkin. Arassa agyz suwy ýa-da teşneligi gandyrýan içgiler talabalaýyk içilende, immun işjeňligi ýokarlanýar we adamy yssy howa zerarly ýüze çykyp biläýjek näsazlyklardan goraýar. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin her gün 2,5-3 litre golaý suw, hatda göwün küýsegiňe görä, şondan hem köp mukdarda içmek maslahat berilýär.

Ulybii SOLTANOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu