Göwün küýsegiSlider

Arka diräp kasamyna-antyna

Beg türkmene waspnama

12-06-2024 / 327

Özgäniň aýdymny aýtmany üçin,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

Haram lukmalary datmany üçin,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

 

Arka diräp kasamyna-antyna,

Wepa berip pederiniň pendine,

Ar getirmän Watanyna-kendine,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

Ýowda orta ýoldan yzyna dönmän,

Göwnüne çig gören oýnuna girmän,

Öljegni bilse-de sözünden dänmän,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

 

Döwlet tapyp ata-baba kesbinden,

Ýalkanyp halal süýt emen neslinden,

Goňşusyna ýow geçirmän üstünden,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

 

ÇAT AÇMAZLYK DILÄP KERKAWLARYNA,

DAGDAN ARKA BOLUP SERDARLARYNA,

ABRAÝ ARZUWLAP NAÇARLARYNA,

OL — TÜRKMEN BOLUPDYR,

                 TÜRKMEN BOLUPDYR.

 

Gyz näzinden dörän hymmyly bilen,

Özi bir mukamlyk tümmüli bilen,

Hasabynda dogry ÇYNLARY bilen,

Ol — türkmen bolupdyr,

                         türkmen bolupdyr.

 

Süňňi — sadalykdan, kalby — pamykdan,

Dünýe döräp, gözbaşlardan ganypdyr,

Uly söýgüsinden, uly namysdan,

Ol — türkmen bolupdyr,

 

Baýram Jütdiýew,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu