HabarlarSlider

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda

Türkmenistan - Koreýa

11-06-2024 / 79

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda köp ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 100-den gowragyny özünde jemleýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady, şeýle hem üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän giň möçberli bilelikdäki taslamalar, iri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işlemegi munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanda Prezident Ýun Sok Ýoluň häzirki döwlet saparyna döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýar.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda ygtybarly hyzmatdaşlardyr. Biz Koreýa Respublikasynyň mümkinçiliklerini, ykdysady, tehnologik derejesini oňat bilýäris. Türkmenistan hem uly mümkinçiliklere, tebigy baýlyklara, geoykdysady artykmaçlyklara eýe bolan kuwwatly döwletdir. Biziň maksadymyz bu mümkinçilikleri iki döwletiň ösmeginiň, halklarymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine utgaşdyrmak bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we koreýaly hyzmatdaşlary bu ugurda bilelikde işlemäge çagyrdy.

2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi we häzirki wagtda-da hereket edýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşi döredildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýan zawod hem bar. Bu zawod konsorsiumyň düzüminde koreý korporasiýalarynyň gatnaşmagynda guruldy. Biz iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işini goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň iki tarap üçin hem bähbitli bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistanda ol «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy» diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanda şäherleriň täze keşbini döretmekde Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ol tehniki we tehnologik häsiýetnamalary boýunça özboluşly, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasy bolup durýar. Ýakyn geljekde ýene-de bir örän iri taslamany — «Aşgabat-sitini» durmuşa geçirmäge girişmegi meýilleşdirýäris. Bu taslamada müňlerçe adam üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, ulag ulgamlaryny, ekologik zolaklary, häzirki zaman dynç alyş we dürli ugurly merkezleri gurmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we koreý kompaniýalarynyň bu taslama gatnaşmaga gyzyklanmasyna kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bir bitewi medeni giňişlige degişlidir. Ýurtlarymyzyň halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyndyr. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňat esaslary döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Ylym we bilim hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramakda goldaw bermäge taýýardygyny, munuň örän oňat başlangyç boljakdygyny nygtady.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk hyzmatdaşlygy hem uly orna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we iki ýurduň iri lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda-da hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, koreý türgenlerini geljekki döwürde ýurdumyzda geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasatda hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Biz bu ulgamda Koreýa Respublikasynyň ileri tutýan ugurlaryny bilýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dostlukly ýurt bilen bilelikde halkara we sebit ösüşiniň maksatlaryny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarda özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça koreý tarapynyň tekliplerini ünsli diňlemäge we olara seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna we türkmen tarapynyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edýän Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilendigine ünsi çekdi. Bu mowzuklar esasynda Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmelere başlamagy maksadalaýyk hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň başlangyç bilen çykyş etmek wezipesini öz üstüne alyp biljekdiklerini nygtady.

Durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda koreý tarapy bilen giň gerimli gepleşikleri geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan Dubaý şäherinde geçirilen Hökümet sammitinde öňe sürlen täze tekliplere üns bermek zerur diýip hasap edýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Bu başlangyçlar geljekki netijeli gatnaşyklar üçin aýdyň ýörelge bolup biler. Türkmenistan ony dürli halkara meýdançalarda we forumlarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek üçin öz tagallalaryny işjeňleşdirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Koreýa Respublikasyna bu işe goşulmagy teklip etdi.

Şeýle-de belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza döwlet saparynyň jemleýji gününde Prezident Ýun Sok Ýoluň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Forum Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Belent mertebeli myhmanyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda onuň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem dostlukly günortanlyk nahary berler.

Çeşme: TDH

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu