Göwün küýsegi

Mämmet Seýidowyň ýandepderçesinde…

28-02-2021 / 10

***
Her kim nahary öz agzynyň tagamyna laýyk bişirýär. Şahyr hem goşgyny özüne ýarar ýaly edip ýazýar.

***
Öýde ot ýanýar, diýseň hezil ýöne bu howada üşeýän bardyr.

***
Ýyllar uly adamlary ýene-de ulaldýar, ownuk adamlary hasam ownadýar.

***
Ikimiz uzyn gijeler oturyp gürleşýäs, ýyllar bolsa şol geçip gidip otyr, eý, ajaýyp ylham. Seniň şol ýaşlygyň, men bolsam garraýan.

***
Çekijem kellesi bilen işleýär.

***
Bir gawuny ýardylar. Onuň içinden müň çigit çykdy. Olar şu gawunyň geljekki ömrüdi.

***
Wagtyňy geçirmäge güýmenje gözlemek-durmuşyň agyr pursatlarynyň biridir.

***
Giýewini gyzyň ýanynda öwdüler. “Agzy ak guş gapýar” diýdiler. Gyz diňledi, soň oňa göwnemedi. Ol: “Öwgüsi köp boldy, şonuň üçin gorkýan” diýip, jogap berdi.

***
Bagban çybyklary oturdýar. Şonda ol hiç kimiň gözüne ilmedi. Hiç kim ony öwmedi, adyny tutmady. Ýyllar geçdi, bagban öldi, bag ýetişdi. Her kim ony öwüp başlady.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu