Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, başgaplaryň, aýakgap we agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndüriljekdigi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň barşynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «satyş markasyny» resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdiriş çeşmeleriniň kesgitlenmelidigi barada aýdyldy.