Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýip atlandyrmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasiýa önümleriniň önümçiligini guramak maksady bilen kabul edildi.