
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär. Şol gymmatlyklar bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyny, medeniýetiniň ösüşini kesgitleýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitap şanly ýylymyzda halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Şeýle hem bu seýilgähde dünýä edebiýatynyň tanymal şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň heýkelleriniň oturdylmagy dost-doganlykdan nyşandyr. Dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan kuwwatly döwlet däl, eýsem, ruhy we döredijilik babatda-da ägirt uly güýje eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Watanymyz medeni hyzmatdaşlygy, taryhy-medeni mirasy wagyz edip, bu syýasaty işjeň durmuşa geçirýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýäde uly goldaw tapýandygyna hem-de ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi hem-de onda dünýäniň şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, beýik şahsyýetleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi eziz Watanymyzda dost-doganlyga uly üns berilýändigini, söz sungatyna sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem bu medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny, medeniýetiň halklary dostlaşdyrýandygyny aýdyň beýan edýär.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.