Slider

Welosiped sürmegiň peýdalary

01-06-2024 / 10

Isle öýde bolsun, isle türgenleşik zalynda welosiped sürmek kaloriýa ýakmaga we formada bolmaga örän uly ýardam berýär. Şol zamanda arzan bahaly maşk bolup durýar. Welosiped sürmek üçin käbir sebäpler:

Maşk ýa-da welosipedli ýöriş etmek bilen horlanyň!

Welosiped sürüp kaloriýa ýakmak kilogramyňyzy azaltmak üçin örän peýdalydyr. 65 kg agramy bolan bir zenan bir sagat boýunça orta tizlik bilen welosiped sürse ortaça 500 kaloriýa ýakdygy bolar.  Şeýle hem welosiped sürmek aýaklaryň çenden artyk ýük götermegi üçin ýerlikli maşk bolup durýar. Öte ýandan-da welosipedli ýörişe çykmak aşyry derejede agram bermänsoň  her ýaşdaky adamlar üçin örän ýerlikli we gyzykly maşkdyr.

Ýürek sagdynlygyňyzy goraň!

Welosiped sürmek diňe bir horlanmak üçin däl, şol wagtda sagdyn bolmak we formada galmak üçin ähmiýetlidir. Yzygiderli ýürek damarlaryny maşk etdirýän adamlar has uzyn ömür ýaşaýarlar. Welosiped sürmek ýürek damarlaryny maşk etdirmekde örän ýerlikli türgenleşik bolup hyzmat edýär. Gündelik welosiped sürýän adamlar sagdyn öýkenlere eýe bolup köp kesellerden hem uzaklaşýarlar.

Myşsaňyzy güýçlendiriň!

Welosiped süreniňde edilýän hereket örän peýdalydyr. Pedallary aýlanyňyzda diňe bir aýak myşsalaryny däl, eýsem ähli myşsalary hereket etdirýärsiňiz. Myşsalar hereket edip bilmek üçin kaloriýa mätäç bolýarlar we bu sebäpden hem näçe köp  myşsaňyz hereketde bolsa şonça-da köp kaloriýa ýakýarsyňyz.

Aladadan dynyň!

Aýratyn-da uly şäherlerde emele gelýän awtoulag ýol dyknyşygy hemmämiziň baş aladasydyr. Welosiped sürmek bilen hem  bu aladadan dynýarsyňyz hem-de ýoluňyza harçlajak pul serişdäňizi tygşytlaýarsyňyz.

Görşüňiz ýaly, welosipediň peýdaly taraplaryny sanap gutaryp bolmaýar. Indi bolsa welosiped sürmekligiň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniden gürrüň edeliň. Ýangyç bilen işleýän ulaglaryň ýerine welosipedi saýlanyňyzda howanyň kirliligini iňňän pes derejä düşürip bilersiňiz we ekologiýa arassalygyny gazanmaga mynasyp goşandyňyzy goşarsyňyz. Ýokarda agzaşymyz ýaly awtoulag ýol dyknyşygynyň çözülmegine hem öz ýardamlaryňyzy ýetirip bilersiňiz hem-de ruhy taýdan galkynarsyňyz.

Gulzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu