Düýn «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.
Forumyň açylyş dabarasyna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän dürli milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Olar halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar, toplan tejribelerini, täze işläp taýýarlamalary paýlaşdylar. Maslahatyň maksady Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga hem-de iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda «ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
«Energetika mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we jähetleri» atly umumy mejlisiň dowamynda bilermenler bu maslahatyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň geljegine baha bermäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, täze tehnologiýalary döretmegiň we arassa energiýa geçmegiň, ileri tutulýan ugurlary gözden geçirmegiň, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Soňra maslahatyň işi «Täze tehnologiýalar we energiýa geçişi boýunça geljege bolan garaýyş», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak», «Ýaşyl» energetikany ösdürmek ugrunda başlangyçlar we maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Maslahatyň mejlislerine we pikir alyşmalaryna BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, «Capterio» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Mark Dewis, “SPE-International” guramasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça sebitleýin direktory Heşam Zubari, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň agzasy Igor Zgurow, «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «Baker Hughes» «NaPeCo», «Mitro International», «ADNOC», «CNPC», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «Lukoýl» ýaly meşhur kompaniýalaryň hünärmenleri, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Ählumumy gaz merkeziniň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika hartiýasynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň ýurtlarynda energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemeginiň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi, şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Ondan soňra bolsa Ýer ýüzüniň howasyny dolandyrmak boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça türkmen tarapynyň teklipleri beýan edildi. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde maliýe serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döredýär. Ýygnananlar ekologik talaplaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidigini bellediler. Uglewodorodlary gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň, ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamak bilen bagly wajyp mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberiniň azaldylmagy we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtdy. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde çäreler amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar. 1-nji dekabrda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Şeýle hem ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, Gün we ýel energetikasy ýaly ýurdumyz üçin möhüm bolan meseleler boýunça çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” tehnologiýalara geçmek göz öňünde tutulýar. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň ähmiýetine, sanly serişdeleriň we hasaplaýyş hyzmatlarynyň netijeliligine üns çekildi. Olaryň kömegi bilen nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldyp biler we ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýa bilen üpjün eder.
Maslahatda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejede ösüşini gazanmagy meýilleşdirýändigi, uzak möhletleýin geljekde bolsa hem öz serişdeleriniň hasabyna, hem halkara guramalaryň tehniki we maliýe taýdan goldamagynda her ýylda zyňyndylary ep-esli azaltjakdygy bellenildi. Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmaga taýýardygy, BMG-niň Suw strategiýasyny we BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky öňe süren başlangyçlary aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzda ekologik meseleleriň döwlet derejesinde üstünlikli çözülýändigi, şol sanda tokaý zolaklarynyň döredilýändigi, topragyň şorlaşmagyna we çölleşmä garşy göreşilýändigi, her ýyl millionlarça agaç nahallarynyň ekilýändigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň martynda BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamada welosiped sürmegiň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek edip biljekdigine üns çekilýändigini nygtadylar.
Halkara maslahat öz işini dowam edýär. Oňa gatnaşyjylar BMG bilen bilelikde geçiriljek «Energetiki integrasiýa we söwda arkaly energetika howpsuzlygyny we energiýa ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly maslahatda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyklar geçiriler.