Slider

Dostluk dilden başlanýar

04-06-2024 / 14

Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalarynyň giňden ýaýbaňlanýan wagtynda täze maglumatlary gözlemek, tapmak, pikiriňi paýlaşmak, habarlaşmak, iş salyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täsin dünýäleri açmak, täze gözýetimlere aralaşmak üçin internet aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň dürli dillerinde berilýän maglumatlaryň arasyndan özüňe geregiňi saýlap almak, ilkinji nobatda, okyjylaryň özüne bagly. Şeýle bolansoň bir mesele hakda gürrüň gozgalanda, «Internetde şeýle diýilýär», «Internetde şunuň ýaly ýazylgy eken» diýip, oňa salgylanýan wagtymyz az bolmaýar. Pikirler bitewüleşýär, garaýyşlar umumylaşýar. Munuň üçin maglumatlary ýetiriji ýa-da öwreniji bolsun tapawudy ýok — ilki bilen öz milli diliňi we daşary ýurt dillerini bilmek ussatlygy adamy kämillige ýetirýän ilkinji alamatlaryň biridir.

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Islendik bir zady ses, owaz arkaly beýan etmegiň ýeke-täk serişdesi dil hasap edilýär. Dil milletiň, milliligiň baş ölçegi. Halklary, milletleri egin-eşik, däp-dessur, ýüz keşbi, beden gurluşy taýdan hem tapawutlandyryp bolar, emma esasy aýratynlyk olaryň milli dili bilen kesgitlenilýär.

«Dünýä dilden başlanýar» diýilýär. Elbetde, ýakyn gatnaşyklaram, dostlugam dilden başlanýar. Ylmyň, internet maglumatlarynyň, dünýägaraýşyň ösýän zamanasynda dil öwrenmegi we ene dilimizi baýlaşdyrmagy, döwrüň täzeliklerinden ugur alyp zähmet çekmegi, okamagy dowam edeliň!

Ogulşat AMANGELDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu