Slider

Sport üstünlikleriniň şäheri

04-06-2024 / 30

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Aşgabat şäherinde gysga wagtyň içinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ildeşlerimiz tarapyndan uly höwes bildirilýän hokkeý hem-de figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap infrastruktura döredildi. Soňky ýyllarda gurlan we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, “Aşgabat” köpugurly stadiony we beýlekiler Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň ýokary sport üstünliklerine ymtylmasynyň nyşany bolan bu ugurdaş desgalar milli sport ulgamynda mundan beýläk-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmäge, çempion türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga gönüden-göni ýardam berdi. Iň esasysy bolsa, geçirilen giň möçberli işleriň netijesinde, Aşgabat dürli görnüşli, şol sanda iň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde halkara giňişlikde uly abraýa eýe boldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky taryhy çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyza halkara sport jemgyýetçiliginiň bildirýän aýratyn ynamynyň, Türkmenistanyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň iki desgasynyň — Sportuň suw görnüşleri toplumynyň dünýäde iň iri üsti ýapyk howuz hökmünde hem-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu