
Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet. Beýik şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Şol taryhy günde «Magtymguly» atly kitabyň okyjylara gowuşmagy has-da çuňňur many-mazmuna eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan bu neşire akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ençemesi ýerleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar. Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt we bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Nurtäç REJEPOWA,
Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.