Slider

Iň egoist ýyldyzlar

01-06-2024 / 39

Egoist adamlar diňe öz gyzyklanmalary hakda pikir edýärler we öz isleglerini birinji ýerde goýýarlar. Astrologiýada egoist hereketleri bilen ünsi özüne çekýän alamatlar bar. Ine, iň egois hasaplanýan ýyldyzlarda ýüze çykýan alamatlar:

Adamlaryň hereketleri käwagt olaryň şahsyýetleri barada hem birnäçe maglumatlary berip biler.

Sowur – durnuklylygy we ygtybarlylygy bilen tanalýan egoist ýyldyzlar hasaplanýar. Olar aşa duýgur häsiýete eýedirler.

Hamal – elmydama «men ilki» diýen garaýyşdadyrlar. Islän zadyny bilýän tälimçi maksadyna ýeter we oňa ýetmek üçin elinden gelenini etmekden hiç wagt çekinmez.

Jöwza – beýleki ýyldyzlardan tapawutlylykda öz isleglerine görä, egoist bolmagy saýlap bilýärler. Birden pikirlerini üýtgedip, ulumsy hereket edip hem bilerler.

Sünbüle – her meselä uly üns bilen çemeleşýän zenan häsiýeti bilen tankydy belliklere ýykgyn edýär. Bu olary ulumsy we egoist ýaly görkezer. Hemme zady kämilleşdirmek isleýändikleri üçin elmydama öz gyzyklanmalaryny birinji orunda saklar.

Eset – egoist bolmaga meýilli ýyldyzlaryň biridir. Päsgelçilikleri ýeňip geçmekde gorkman egoistik hereket edip bilerler.

Ejeş ORAZMÃMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu