
Halk arasynda: «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly pähimler bar. Adam we onuň saglygy döwletimiziň gymmatly baýlygydyr. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet berýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk — agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi öňe sürlüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly aladalar edilýär. Biz hormatly Prezidentimiziň ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabyny okap, saglygymyz barada köp zatlary bilýäris.
Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, sport toplumlaryny açyp berdi. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär.
Rozygül ALLAKULYÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.