
Ýakynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär.
Ýurdumyzyň hem-de dünýä sportunyň taryhynda täze sahypalary açan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam berdi. Şeýle-de Aşgabatda 2023-nji ýylda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi geçirildi. Şu ýylyň aprelinde bolsa paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň, 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda bolsa ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy möhüm wakadyr.
Paýtagtymyz Aşgabat tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady, medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ak şäherimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Sylap REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap migrasiýa bölüminiň gözegçisi, kapitan.



