
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Şeýle hem bu seýilgähde dünýä edebiýatynyň tanymal şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň heýkelleriniň oturdylmagy dost-doganlykdan nyşandyr. Dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan kuwwatly döwlet däl, eýsem, ruhy we döredijilik babatda-da ägirt uly güýje eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Watanymyz medeni hyzmatdaşlygy, taryhy-medeni mirasy wagyz edip, bu syýasaty işjeň durmuşa geçirýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýäde uly goldaw tapýandygyna hem-de ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi hem-de onda dünýäniň şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, beýik şahsyýetleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi eziz Watanymyzda dost-doganlyga uly üns berilýändigini, söz sungatyna sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem bu medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny, medeniýetiň halklary dostlaşdyrýandygyny aýdyň beýan edýär.
Paýtagtymyzda şeýle ajaýyp seýilgäh toplumynyň döredilmegi dost-doganlygy we milli medeniýetimiziň ösüşini rowaçlandyrýar. Medeniýetiň ösdürilmegi durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugry hökmünde türkmen jemgyýetiniň esasy ýörelgesi bolmak bilen, hemişe üns merkezinde durýar. Munuň özi halkyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda, ilkinji nobatda, ýaşlaryň, her bir ösüp gelýän nesliň arasynda jemgyýetçilik garaýşy kemala getirmek babatdaky işler bilen üznüksiz baglydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde medeniýete, edebi we ruhy mirasa uly sarpa goýulýar. Munuň özi Aşgabadyň diňe bir syýasy, ykdysady we işewür merkez hökmündäki abraýyny artdyrman, eýsem, medeniýetiň rowaçlanýan şäheri hökmünde hem şöhratyny dünýä ýaýýar. Durnuklylyk, jebislik, ruhy bitewülik türkmenler üçin gadymdan bäri Watanyň kuwwatlylygyny aňladyp gelýär. Eziz Watanymyzyň häzirki taryhy döwrüniň wakalary muňa aýdyň subutnamadyr. Magtymguly Pyragynyň nazary düşen gadymy toprakda toý-baýramlar uludan tutulýar.
Merjen ŞIHIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.