
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy möhüm taryhy wakalaryň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylyk temasydyr. Onuň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar dagynda», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 17-nji maýda geçirilen mejlisinde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.
Ýakynda ýurdumyzda dünýäniň çar künjeginden gelen alymlaryň, döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän şeýle uly toý-baýramlar biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Oguljan AHMEDOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň direktory.