“Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem-de “Bagabat”, “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”, “Baýramaly” şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýyna zerur taýýarlyk işleri geçirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan hem ilaty ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işler geçirildi.
TURKMENgazet