«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen baglylykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.