
Türkmenistanyň Prezidentiniň 26-njy fewralde geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilşi ýaly, häzirki wagtda Energetika ministrligi tarapyndan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleri boýunça degişli işler geçirilýär.
Milli Lider Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.