26-njy fewralde Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habar berşine görä, häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Biziň ýurdumyz “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bu gurama başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarynda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar. Şunda, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ýük dolanyşygyny üpjün etmek, durnukly energetika babatda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanylýar.
Mundan başga-da, YHG-ä agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, sport ugurlarynda, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine doly derejede goldaw bermek hem-de olary höweslendirmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-niň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-niň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.