HabarlarSlider

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edilşik geçirildi

Aşgabat, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

30-05-2024 / 53

28-nji maýda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bellenildi. Resmi kabul edişligiň başynda  Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalow çykyş etdi.

Ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, soňky döwürde iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlaryň we halkara derejesindäki çäreleriň çäginde duşuşyklaryň güýçlenendigini, bu bolsa strategiki gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşandygyny aýtdy. Mundan başga-da, geçen ýyl söwda dolanyşygynyň 75 göterim ýokarlandygyny, söwda dolanyşygynyň 800 million ABŞ dollaryna golaýdygyny belläp, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň gatnaşyklarymyzyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara Komissiýanyň başlygy Batyr Atdaýew çykyş etdi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlap, Azerbaýjana abadançylyk we üstünlik arzuw etdi.

Resmi kabul edilşik azerbaýjan aýdym-sazlary bilen dowam etdi we onuň dowamynda mawy ekranda Azerbaýjan Respublikasyna degişli materiallar, şeýle hem COP29 logotipleri görkezildi. Myhmanlara Azerbaýjanyň milli aşhanasyndan süýjülikler we içgiler hödürlenildi. Şeýle-de dabaranyň dowamynda ýurduň taryhy, medeniýeti, sungaty, haly sungaty we syýahatçylyk mümkinçiligi, milli saz gurallary, şeýle hem «Made in Azerbaijan» marka önümleri görkezildi. Mundan başga-da dabarada COP29.az we azerbaijan.travel web sahypalary bilen baglanyşykly bannerler sergilendi. Bu dabara Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri we Türkmenistanda ýaşaýan Azerbaýjanlylar gatnaşdylar.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu