25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görülişi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň «Welotrek» sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda «Siz bilen sportda gadamlar batly, Ak geljege ýörelgämiz Arkadag» atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.
TURKMENgazet