2024-nji ýylyñ 27-nji maýynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Arkadag we Pyragynyň taglymaty ýörelge, dost-doganlyk syýasaty adamzada görelde» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň işgärleri hem-de daşary ýurt bölüminiň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler dost-doganlyk syýasaty alyp barmakda tutuş adamzat jemgyýetine görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we oňyn ählumumy başlangyçlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň orny barada bellediler. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ildeşlerimiziň jebisleşmegini üpjün etmäge, dünýäde Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, adatlaryny we onuň görnükli wekillerini, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazananlaryny wagyz etmäge ýardam berýän çäreleriň geçirilişi hakynda gürrüň berdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dünýä halklaryny parahatçylyga, abadançylyga we ynsanperwerlige çagyrýandygyny Magtymguly Pyragynyň eserlerini dünýäde wagyz etmekde köp sanly çäreleriň geçirilendigini nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýan bagtyýar watandaşlarymyz Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.