Habarlar

Türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça mugallymlar bäsleşdiler

22-05-2024 / 25

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap bilim bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda etrabyň orta mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça mugallymlardan düzülen toparlaryň arasynda “Ene dilim — asal dilim” atly bäsleşik geçirdi.

Bu bäsleşik ”Kämil bilim” okuw merkeziniň binýadynda geçirildi. Onuň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekden ybaratdyr.

Bäsleşikde Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni G.Hudaýnazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, ”Kämil bilim” okuw merkeziniň mugallymy H.Saryýew  dagylar eminlik etdiler. „Ene dilim – asal dilim“ atly  bäsleşiginde I orna “Mollanepes” topary, II orna “Magtymguly” topary, III orna “Kemine” topary mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan 1-2-3-nji orunlara mynasyp bolan mugallymlar toparyna we topar agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu