SliderŽurnalistiň sahypasy

Şu gün – Türkmen halysynyň baýramy

26-05-2024 / 174

Türkmen halysy — asyrlaryň ýaňy. Türkmen halylary gadym wagtlardan bäri üýtgeşik nepisligi, gözelligi bilen görenleri haýrana goýup gelipdir. Gelin-gyzlaryň kalbyndaky iň gözel duýgulara beslenen halylaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseridir. Çeper elli gözelleriň uz barmaklaryndan çykan halylarda olaryň Watanyna, halkyna bolan söýgüsini, taryhda beýik döwletler guran ata-babalaryň şanly geçmişine bolan buýsanjyny görmek bolýar. 

Türkmen halylarynyň owadanlygyny fransuz syýahatçysy Moder, wenger alymy Arminiý Wamberi öz ýazgylarynda belläpdirler. Orta asyrlarda, Beýik Seljuklar döwründe türkmen halylary Ýewropa aralaşypdyr. Täzeden döreýiş eýýamynyň belli suratkeşleri olaryň üýtgeşik gözelligine mynasyp baha bermegi başarypdyrlar. Türkmen halylary Lippo Memminiň «Madonna», Nikolo di Buanokorsonyň «Merýemiň nikalanyşy», Lorens de Krediniň Pistoýdaky baş ybadathananyň diwaryna çeken suraty ýaly eserlerde zynat serişdeleri hökmünde öz öwüşginlerini tapypdyr.

Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň bu ajaýyp nusgalaryny jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has irki döwürde peýda bolandygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, alym türkmen we pars halylarynyň arasyndaky aratapawutlyklar barada sözüni dowam etdirmek bilen, olaryň stilistikasyndaky, haly dokalýan enjamyň gurnalyşyndaky, haly üçin peýdalanylýan ýüplükleriň görnüşinde we hilinde, hatda halyda dürli reňkleriň ýerbe-ýer edilip peýdalanylyşynda-da düýpli aratapawudyň bardygyny ýüze çykarýar: «Türkmen we pars haly önümleriniň stilindäki düýpli aratapawutlar, dokma stanogynyň gurluşyndaky çynlakaý üýtgeşiklikler, dokma serişdeleriniň taýýarlanyş hem peýdalanyş tärleriniň tapawutlanyşy we ulanylýan tehnikanyň kämillik derejesi türkmen halyçylyk senediniň parslaryňky ýaly gadymydygyna, belki, parslaryňkydan hem has ir döwürde dörän bolmagynyň mümkindigine şaýatlyk edýär, özem türkmen halyçylygynyň öz ýoly bilen kämilleşendigini açyp görkezýär».

Alymlaryň öňe sürýän bu nazaryýeti türkmen milli halyçylyk sungatynyň öz köküni irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Bu senet baradaky maglumatlara arap we pars edebiýatlarynda-da gabat gelmek bolýar. Tebigy boýaglara reňklenen ýüplükden dokalan el halylar asyrlar geçse-de könelmeýär, saralyp-solmaýar. Otlaryň dermanlyk güýjüni süňňüne soran halylar ýyl geçdigiçe läle ýaly reňk açýar, olaryň gölleriniň ýekeje çyzygy-da mizemeýär. Şol sebäpden hem bilermenler halylaryň iň gadymy nusgalaryna has ýokary baha berýärler. Häzirki döwürde şeýle ajaýyp haly nusgalaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Wengriýanyň, Günbatar Ýewropanyň beýleki döwletleriniň iri muzeýlerinde, şahsy kolleksiýalarda görmek bolýar.

Häzirki döwürde çeper elli gözelleriň zehininden döreýän gadymy nusgalaryň täze görnüşlerine, şeýle hem täze döredilen nagyşly halylara, dokalmasy örän inçeligi, nepisligi talap edýän haly portretlere, pannolara, peýzažlara, dürli sowgatlyk önümlere, üýtgeşik haly kompozisiýalaryna syn edeniňde, kalbyňy sungatyň beýikliginiň hem giňliginiň çäksizdigine bolan nurly duýgular gaplap alýar. Halkyň kalbyna öwrülip galan haly önümleri milletiň ajaýyp sungaty hökmünde aýratyn gymmata eýedir.

Agaberdi SARWANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu