Düýn Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaý açylyp ulanmaga berildi.
Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, bar bolan ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamak üçin oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli az gatly ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa raýatlaryň ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.
TURKMENgazet.