Paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň medeni maksatnamasyna laýyklykda, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, medeni we dynç alyş merkezlerine gezelenç guraldy.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýaýbaňlandyrylan halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik meýdança boldy.
Gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, halkymyzyň milli myhmansöýüjilik, dost-doganlyk, açyk göwünlilik, hoşniýetlilik däplerine laýyklykda garşy alyndy. Myhmanlary institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, meýletinçiler güler ýüz bilen garşyladylar.
Dünýäde parahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edilýän Aşgabatdaky täsirler, ýakymly pursatlar, milli myhmansöýerligimiz, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde guralan halkara bäsleşik myhmanlaryň ýadyna hemişelik galar.
Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.