Siziň üçin...Slider

Mekdep durmuşyndan — durmuş mekdebine!

25-05-2024 / 37

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylar. Olar mekdep ýyllarynda özlerini yzygiderli kämilleşdirip, köptaraplaýyn bilim aldylar. «Soňky jaň» dabaralarynyň Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde bellenilip geçilmegi ýaşlaryň baýramçylyk joşgunyny has-da artdyrýar.

Hawa, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçirilýän «Soňky jaň» dabarasy belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka bolup, baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Olar mekdep ýyllarynda röwşen geljeginiň ygtybarly binýady bolan köptaraplaýyn bilim aldylar.

«Soňky jaň» dabarasy ajaýyp mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny, şol bir wagtda hem durmuş mekdebiniň gapysyndan gadam basylýandygyny alamatlandyrýan, ýaşlaryň juwan kalplaryny süýji arzuwlara besleýän özboluşly baýramdyr.

Ýaşlaryň mekdepde eýe bolan bilimleri olara saýlap alan hünärlerini ele almakda uly ýardam eder. Olar üçin täze, özbaşdak durmuş ajaýyp döwürde — döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda ägirt uly taryhy özgertmelere beslenen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanýar.

Şasoltan GARÝAGDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu