Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýaýbaňlandyrylan halkara bäsleşige gatnaşmak üçin paýtagtymyza myhman bolýan daşary ýurtly talyplardyr magistrler bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň her birinden şeýle buýsançly sözleri eşitmek ýakymly.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige gatnaşyjylar ýörite medeni maksatnamanyň çäklerinde Aşgabadyň gözel künjeklerine, aýratyn-da, «Nusaý» taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine aýlanyp gördüler. Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine guralan gezelençler bolsa myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
«Şu gezekki halkara ýaryşyna gatnaşmagym durmuşymda iň uly üstünligimdir. Aşgabatda geçiren günlerim bolsa durmuşda alan iň uly bäşligim bolar». Bu sözleri türkmen paýtagtynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçiren azerbaýjanly bäsleşige gatnaşyjy – ADA uniwersitetiniň talyby Zahra Mahmudowa «sanly» gündeligine belländigini aýtdy.
Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.