SliderŽurnalistiň sahypasy

Ylym-bilime serhet ýok!

25-05-2024 / 137

Ylym-bilime serhet ýok. Halkara gatnaşyklarynda möhüm ugur hasaplanýan ylym-bilim olimpiadalary, halkara bäsleşikler zehinli ýaşlary dostlaşdyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem, sözüň doly manysynda, dürli döwletlerden gelen myhmanlary ýakynlaşdyrdy.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragyna gadam goýan ilkinji pursatlaryndan özleri üçin edilýän aladalardan hoşaldyklaryny aýdýarlar. Dürli ýurtlardan gelen mugallymlar, talyplardyr magistrler birek-birek bilen ýakyndan tanşyp, bu halkara bäsleşige görlen taýýarlyklar, türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada söhbet edýärler. Şeýle pursatlar ylym-bilimiň parahatçylyk we dostluk taglymlary arkaly ynsanlary has-da ýakynlaşdyrýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda iri olimpiadalar, halkara bäsleşikler ýeneki ýyllarda-da geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Goý, Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk höküm sürsün!

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu