Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler.
Halkara olimpiadanyň esasy maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary we geosyýasat ulgamynda intellektual ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, okuw-bilim tejribesini alyşmaga, häzirki zamanyň ylmy we amaly wezipelerini çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek geçiriljek çäräniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Olimpiada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 22–25-nji maýy aralygynda geçiriler.
Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.