SliderŽurnalistiň sahypasy

Adam arzuwsyz bolmaz

24-05-2024 / 138

Ählimize mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi diýseň gyzgalaňly geçirilýär. Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle-de, ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine gatnaşyjy, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Çugin Arseniý öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy:

— Matematika — meniň çagalygymdan bäri halaýan derslerimiň biridi. Heniz orta mekdepde bilim alýan döwrümde mugallymym maňa şu ugra höwesimiň güýçlüdigini aýdyp, meni taýýarlap ugrady. Gün geçdigiçe öz üstümde işläp kiçiräk bäsleşiklerde ýeňiji bolmagy başarypdym. Talyplyk döwrümiň ilkinji günlerinden başlap, geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp başladym. Halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak bolsa özüme bolan ynamymy güýçlendirmäge uly ýardam berdi. Daşary ýurtlarda öz saýlan ugruňdan ýeňiji bolup, ýurduňa baýrakly orunlar bilen dolanmak diýseň uly bagt bolsa gerek. Bu bagtyň maňa hem miýesser etmegini tüýs ýürekden isleýärin. Men hem sözümiň ahyrynda bäsleşige gatnaşýan ähli talyp deň-duşlaryma üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!

Ýazga geçiren: Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu